icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

17 noýabr 2023

2021

Türkmenistan “EXPO 2025” Bütindünýä sergisine taýýarlyk görýär

2023-nji ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilen “EXPO 2025” Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň duşuşygyna gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzes, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Işii Taku, Ýaponiýanyň “EXPO 2025” Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň baş sekretary Işige Hiroýuki, şeýle hem öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi resmi taýdan bölünip berildi. “EXPO 2025” serginiň Guramaçylyk komiteti degişli resminamany türkmen tarapyna ýerli we daşary ýurtly habarçylaryň gatnaşmagynda gowşurdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi