icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

30 noýabr 2023

693

Bişkekde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda J.Balasagyn adyndaky Gyrgyzystanyň milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky (Bişkek ş.) Ilçihanasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol guraldy.  

Tegelek stoluň işine Ilçihananyň wekilleri, GMU-niň ýolbaşçylary, şeýle hem ady agzalan ýokary okuw jaýynyň ylmy-mugallymlar topary we uniwersitetiň talyplary gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň möhüm ornuny bellediler we görnükli türkmen şahyrynyň we Gündogaryň akyldarynyň işini gorap saklamagyň zerurlygy barada umumy pikiri aýtdylar.

Şeýle hem filosof-şahyryň döredijilik zehininiň we filosofiki taglymatlarynyň nesillere ylham bermegini dowam etdirýändigi we türkmen medeniýetiniň we edebiýatynyň ösmegine, şeýle hem ähliumumy gymmatlyklaryň wagyz edilmegine goşan goşandy üçin aýratyn üns berilmäge mynasypdygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi