icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 dekabr 2023

3762

Londonda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna we Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi agşam geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi.

Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölüminiň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan we ýaşaýan türkmen raýatlary gatnaşdylar. 

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty hem-de halkara gatnaşyklarynda öňe sürýän döwrebap başlangyçlary, Gündogaryň beýik akyldar we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada maglumatlar hem-de foto we wideo materiallar bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi