10 ýanwar 2024
4406
Türkmen wekiliýeti “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahata gatnaşýar
2024-nji ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde “Haj we umra hyzmatlary” atly maslahaty we sergisi geçirilýär. oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.
Türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak.
Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.
Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.
Başga habarlar
20
Jul
Waşington şäherinde Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramlarynyň ýubileý senelerine bagyşlanan çäreler geçirildi
18
Jul
Türkmenistanyň wekiliýeti Taýlandyň Bankong şäherinde OEWG-48 mejlise gatnaşdy
17
Jul
Türkmenistanyň Ilçisiniň Fransiýanyň öňdebaryjy «ESSEC» biznes mekdebiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi
17
Jul
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tbiliside Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy (Tbilisi şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy iýuly)
16
Jul
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek