18 ýanwar 2024
4164
Türkmenistanyň Ilçisiniň Kataryň içeri işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Içeri işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Abdulaziz bin Faisal bin Mohammed Al Tani bilen duşuşygy boldy.
Duşuşykda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar konsullyk meselelerine degip geçdiler we migrasiýa ugry boýunça aragatnaşyk gurmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň maksadalaýyklygy bellenildi.
Başga habarlar
09
Jun
CTBTO Aşgabatda Milli Maglumatlar Merkezleri üçin Sebitleýin seminaryny açdy
06
Jun
Daşkentde C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi
05
Jun
Ženewada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň duşuşygy geçirildi
05
Jun
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary Bütindünýä welosiped gününi giňden belläp geçdiler
05
Jun
Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze sahypasy: Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi
Ähli habarlary görmek