icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

01 fewral 2024

2940

Türkmenistanyň Ilçisiniň Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministri bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim  ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky bilim pudagyndaky gatnaşyklar hem-de olary ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Ilçi M.Seýitmämmedow Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem, taraplar bilim ulgamyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň bir bölegi bolup durýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi