icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

13 mart 2024

415

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi hakynda BEÝANAT

Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 11-12-nji martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň ýaşululary gatnaşdylar.

Taraplar aç-açanlyk, dostlukly, netijeli ýagdaýda özara gyzyklanma bildirilýän has möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Ýaşulular söwda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ýaşlar syýasaty we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümliginiň artýandygyny beýan etdiler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 14-nji mejlisiniň netijeleri boýunça öňe sürlen teklipleri durmuşa geçirmegiň barşyna hemmetaraplaýyn seredip, taraplar syýasy taýdan özara ynanyşmagy we türki halklaryň hyzmatdaşlygyny berkitmekde guramanyň wajyp ornuny bellediler. Ýaşulular adamzadyň ösüşine ägirt uly täsirini ýetiren «Türki guşakda» esasy orny eýelän Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Taraplar ählumumy we sebit guramalarynda türki döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň zerurdygyny, dünýä hem-de sebit meseleleri çözülende, TDG-niň ornuny ýokarlandyrmagyň möhümdigini tassykladylar. Şu babatda guramanyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň örän baý taryhy hem medeni mirasyň, köpasyrlyk däpleriň we ahlak sütünleriniň esasynda türki halklary ýakynlaşdyrýandygy bellenildi. Ýaşulular ylmy hyzmatdaşlygy, akademiki barlaglary ösdürmek hem-de bilelikdäki halkara maslahatlary geçirmek arkaly türki dünýäniň taryhyny mundan beýläk-de wagyz etmäge aýratyn üns berdiler.

Taraplar türki halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, ýaşlara ruhy mirasyň asylly däplerine laýyklykda watançylyk terbiýesini bermegiň Aksakgallar geňeşiniň işiniň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigini bellediler.

Ýaşulular 2024-nji ýylda türki döwletlerde beýik akyldar şahyr we ylym-bilimi ýaýradyjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegini gutladylar. Beýik söz ussadynyň eserleri ähli türki dünýäniň baýlygy we türki halklara mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň, raýat edermenliginiň beýany bolup durýar.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 11-12-nji marty.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi