icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 mart 2024

1770

Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Änew şäheri ukrain metbugatynyň sahypalarynda

2024-nji ýylyň 18-nji martynda «Украина Бизнес Ревю» Bütinukrain döwürleýin neşiriniň nobatdaky sany çap edildi. Bu sanynyň sahypalarynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda «Änew türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany» atly makala çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Türkmenistan we TÜRKSOÝ gadymy türkmen Änew şäheriniň medeni ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen baý çäreleriň meýilnamasyny taýýarladylar.

Makalada ýedi müň ýyldan gowrak taryhy bolan Änew şäheriniň bahasyna ýetip bolmajak mirasynyň medeni we taryhy ähmiýeti nygtalýar. Esasy üns Änew siwilizasiýasynyň gadymy döwürde Merkezi Aziýada iň ösen medeniýetleriň biri bolandygyny subut edýän XV asyryň ortalarynda gurlan  şyh Seýit Jemaleddin metjidine, Änew sebitlerinde gadymy oturymly ýerleriň yzlarynyň täsin açyşlaryna we ýaşy müň ýyldan gowrak bolan köpsanly tapyndylara gönükdirildi.

Arheologiki gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan iň gadymy eserler Änew şäherindäki Ak Bugdaý milli muzeýinde saklanýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi