icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

27 mart 2024

2171

Seulda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bu ýurduň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti Joň Wun Pak bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim ulgamynda, şol sanda, 2019-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda baglaşylan Özara ylym-bilim hyzmatdaşlygy hakynda ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bilim hem-de ylym ulgamynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatynda bar bolan mümkinçilikler boýunça hem özara pikir alyşyldy. 

Şeýle hem taraplar beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ilçihana bilen uniwersitetiň özara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň, şol sanda, bilelikdäki çäreleri geçirmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Duşuşygyň barşynda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetinde türkmen dili fakultetini açmak mümkinçiligine hem seredildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi