icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 aprel 2024

1676

Türkmenistanyň Ilçisi Pakistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde «Aýwan-e-Sadr» Prezident köşgünde Türkmenistanyň Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Ilçisi Pakistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurduň Prezidenti wezipesine ikinji gezek girişmegi bilen baglanyşykly gutlag sözlerini we arzuwlaryny ýetirdi.

Asif Ali Zardari hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşniýetli sözleri we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirdi we parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Soňra taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilşi ýaly, Türkmenistan bilen Päkistanyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Asif Ali Zardari Pakistanyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi