icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

19 aprel 2024

272

Tatarystan Respublikasynda Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygyna bagyşlanan halkara tegelek stoly geçirildi

2024-nji ýylyň 16-njy aprelinde, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynda, “Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik şamçyragy we akyldary” şygary astynda halkara tegelek stoly geçirildi. 

Bu çäräniň gatnaşyjylary we çykyş edijileri bolup Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Prezidenti Rifkat Minnihanow, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Ilçi Çinar Rüstemowa, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň ýolbaşçysy we işgärleri,  türkmen we tatar ylmy işgärleri, ýazyjylar, şahyrlar we edebiýatçylar, şeýle-de, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Wengriýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Kazan şäherindäki Baş konsullary gatnaşdylar.

Çäräniň öňüsyrasynda, türkmen halkynyň medeni mirasynda aýratyn orun tapýan ençeme aýratynlyklaryň ýagny, türkmen milli egin-eşikleriniň, milli saz-gurallarynyň, türkmen taryhyna, onuň egsilmez medeniýetine, sungatyna bagyşlanylan birnäçe kitaplaryň sergisi görkezildi. Şeýle-de, serginiň dowamynda, akyldar şahyryň goşgulary ýaňlandy.

Duşuşygyň dowamynda, Magtymgulynyň dünýägaraýşy we umumadamzat maksatlary, şahyryň golýazmalarynyň halkara ähmiýeti, türkmen akyldarynyň ynsanperwer pikirleri, şeýle hem tatar taryhynda we medeniýetinde beýik şahyryň döredijiliginiň orny we ähmiýeti barada aýdylyp geçildi. Şeýle-de, Pyragynyň eserlerinde beýan edilýän medeni diplomatiýany ulanmak arkaly şol döwrüň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekdäki ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Çykyş edenler, türkmen şahyrynyň tatar medeniýetinde we edebiýatynda ýokary ornunyň bardygyny bellediler. Bu nukdaýnazardan, tatarystanly alymlar Kazan şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini we Aşgabatda tatar şahyry Gabdulla Tukaýyň ýadygärligini gurmak mümkinçiligine garamagyň maksadalaýykdygyny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi