icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 aprel 2024

271

Türkmenistanyň Ilçisi Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Şehbaz Şarif bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Ilçisi, Atajan Möwlamow Pakistanyň Premýer-ministri Muhammet Şehbaz Şarif bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda, Ilçi Atajan Möwlamow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Pakistanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli Muhammad Şehbaz Şarifyň adyna iberilen gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Premýer-ministr M.Ş.Şarif gutlaglary üçin türkmen ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi, olar bilen duşuşyklaryny höwes bilen ýatlady we geljekde bu duşuşyklary dowam etdirmäge umyt edýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Ilçisi iki ýurdyň arasynda amala aşyrylýan işler, şol sanda bilelikdäki energiýa taslamalaryň ýagdaýlary barada gürrüň etdi.

Iki dogan ýurduň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän taryhy we medeni gatnaşyklaryň ähmiýetini gaýtalap, Premýer-ministr Şehbaz Şarif ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy esasanam energiýa, söwda we aragatnaşyk ugurlarynda giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda Premýer-ministr iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn institusional mehanizmleriň yzygiderli duşuşyklarynyň geçililmeginiň möhümdigini aýtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi