icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 aprel 2024

220

Tbiliside Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Suhumi döwlet uniwersitetiniň binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» we «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» aty kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny gurnady.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, professor-mugallymlar we talyp ýaşlar, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Prezidentiň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmeginiň çäklerinde neşir edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň çäklerinde kabul edilen karar, Türkmenistanyň halkara derejesinde abraýynyň ýokarydygyna, umumyadamzat siwilizasiýanyň ösmegine türkmen halkynyň goşan goşandynyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň täze kitabynyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý milli-medeni mirasyny öwrenmekde we giňden ýaýratmakda derwaýyslygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny gatnaşyjylara hödürläp Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bu kitapda ýaşlar barada döwlet tarapyndan edilýän aladalar, bilim, ylym, sport we döwlet durmuşynyň beýleki çygyrlarynda ýaş nesliň gazanan üstünlikleriniň, şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmekde ýaşlaryň öňünde goýlan wezipeleriň beýan edilendigini nygtadylar.

Mundan başga-da Türkmenistanda yglan edilen 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, pelsepeçisi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet we halkara derejesinde durmuşa geçirilýän işlere aýratyn üns çekildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi