icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

23 aprel 2024

264

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmamedow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we ulag-üstaşyr pudagynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taraplar ulag pudagynda özara kabul ederlikli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki ýurduň arasyndaky halkara ýük ulaglary, halkara ýol ulaglarynyň ýagdaýy we olary mundan beýlek hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisiniň ahyrynda taraplar dördünji mejlisiň Teswirnamasyna, şeýle hem Awto ulaglar boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn komissiýasynyň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi