icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2024

502

Türkmenistanyň GFR-däki konsuly öz wezipesine başlady

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň (daşary syýasat we daşary işler çygrynda) Federal, Ýewropa we halkara işleri we debýurokratizasiýa boýunça döwlet ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullaryň, şol sanda Türkmenistanyň GFR-daky täze konsuly Murat Özbekbaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda döwlet ministri diplomatlary Döwlet kanselýariýasynyň esasy wezipeleri we ugurlary, Hessen federal ýeriniň söwda-ykdysady mümkinçilikleri we medeni köpdürlüligi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen birlikde, bu sebitiň ajaýyp künjegi hökmünde çykyş edýän, Germaniýanyň medeni, bilim we syýahatçylyk çatrygynyň, iň uly işewürlik, maliýe we ulag merkezileriniň biri bolan Maýn boýundaky Frankfurt şäheriniň ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň GFR-däki (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly M.Özbekbaýewiň döwlet ministri M.Pents bilen bolan aýratyn duşuşygynyň çäklerinde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny we geljegini belledi. Şol bir wagtyň özünde, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has hem artdyrmak, medeni, bilim we lukmançylyk ugurlary boýunça Germaniýa bilen, şol sanda Germaniýanyň aýry-aýry sebitleri bilen gatnaşyklary güýçlendirmek üçin türkmen tarapynyň taýýardygy barada nygtaldy. 

M. Pents öz gezeginde Hessen hökümetiniň Türkmenistan bilen özara bähbitli ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, Hesseniň Döwlet kansleriniň Türkmenistanyň Frankfurtdaky konsullygynyň işine sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen kömek bermäge taýýardygy beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi