icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 aprel 2024

274

Abu-Dabide Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda Ilçihananyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärä geçirildi.

Çärä Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň, Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ilçihanalarynyň, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi Serdar Garajaýew, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Emirlikler bölüminiň başlygynyň orunbasary Nasir Ahmad Hoja Myrat ogly we beýleki gatnaşyjylar öz çykyşlarynyň dowamynda beýik şahyryň edebi mirasynyň dünýä sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini bellediler.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitaplary bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen şahyrynyň arap dilinde goşgular ýygyndysy gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi