icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 aprel 2024

257

Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli birnäçe çäreler geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinden bäri Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek maksady bilen geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna türkmen wekiliýetiniň sapary dowam edýär.

Saparyň maksatnamasynyň başynda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň garşysyndaky seýilgähde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuşlyk dabarasyna gatnaşdy.

Gül goýuşlyk dabarasyna türkmen wekiliýetiniň agzalary, Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki konsuly G.Ilamanow, Astrahan oblastynyň bilim ministri M.Şalak we Astrahan döwlet uniwersitetinde bilim alýan Türkmenistanyň talyplary gatnaşdylar.

Soňra wekiliýetiň agzalary Astrahan oblastynyň Funtowo obasyndaky türkmen mekdebiniň çäginde Magtymguly Pyragynyň muzeýiniň açylyşyna gatnaşdylar we şahyryň suratlarynyň, eserleriniň, türkmen milli saz gurallarynyň hem-de oba durmuşy we senetçilik önümleriniň ýerleşdirilen muzeýine gymmatly eksponatlary gowşurdylar. Şeýle hem, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ýubileýi mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda suratlaryň sergisi we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi