icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

24 aprel 2024

229

Astrahan şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Türkmenistanyň konsullygynyň binasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň agzalary, Astrahan oblastynyň bilim ministri, Astrahan oblastynyň sebitleýin aragatnaşyk ministriniň orunbasary, «Türkmenistan» atly Türkmen medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek boýunça Astrahan sebitleýin jemgyýetçilik guramasynyň geňeşiniň başlygy we Astrahan oblastynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir Türkmenistanyň medeniýetine däl, eýsem sebitiň ýurtlarynyň medeniýetine hem aýratyn täsir edendigi bellenildi.

Şeýle hem, çykyş edenler türkmen pelsepeçisi we şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň «Dünýäniň hakydasy» halkara sanawyna girizilendigini we 300 ýyllygynyň ÝUNESKO-nyň  şanly seneleriniň sanawyna goşulandygyny nygtadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi