icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 aprel 2024

361

Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli küşt boýunça ýaryş geçirdi

2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Waşingtondaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ömrüni we mirasyny bellemek üçin ajaýyp meýdança öwrülen küşt boýunça ýaryş gurady. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň, Gruziýanyň we Belarusiýanyň diplomatlary gatnaşdylar.

Çäräniň başynda Ilçi Meret Orazow Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada çykyş edip, türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň edebi mirasynyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň edebi eserleri bilen bilelikde, türkmen edebiýatyny we medeni mirasyny şöhlelendirýän sergi guraldy.

Çäräniň ahyrynda ýaryşyň ýeňijilerine Magtymguly Pragynyň kitaplary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi