icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 aprel 2024

353

ESCAP-yň 80-nji mejlisiniň çäklerinde ugurdaş çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Bangkok şäherinde geçirilýän Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň «BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Karanamasy boýunça ugurdaş çäre geçirildi.

Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ESCAP-nyň ýanyndaky wekilleri we Komissiýanyň bilermenleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Aral deňziniň meseleleri we onuň ýetirýän zyýanly täsirlerini gowşatmak, şeýle hem Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan anyk işler boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi