icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

29 aprel 2024

572

Pariž şäherinde Türkmenistanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan döredijilik çäreleri geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Pariž şäheriniň Adam muzeýinde Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça türkmen-fransuz arheologiki toparynyň (MAFTUR) 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty esasynda dünýäde ykrar edilen Türkmenistanyň gadymy taryhyny we baý medeniýetini öwrenmegiň hem-de ýaýratmagyň möhüm şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda çykyş edenler Änew şäheriniň şöhratly taryhynyň, binagärlik ýadygärlikleriniň we meşhur alymlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň  beýan edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýetine ýokary baha berdiler.

Ylmy-amaly maslahat bilen bir hatarda 2024-nji ýylyň 22-26-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň edara binasynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergini gurnady.

Sergä ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary Ernesto Ottono Ramirez, maglumat we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary Tawfik Jellasi, dolandyryş meseleleri boýunça orunbasary Nikolas Jefreýs, ÝUNESKO-nyň birnäçe bölümleriniň we bölümçeleriniň ýolbaşçylary, Ilçiler, ÝUNESKO-nyň ýanyndaky daşary ýurtlaryň Hemişelik wekilleri, Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, Magtymguly Pyragynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylary, häzirki zaman Türkmenistan hakynda kitaplar we žurnallar, şeýle hem senetçilik we amaly-haşam sungatynyň gazananlary ýerleşdirildi.

Ekspozisiýada häzirki Türkmenistanyň durmuşy, taryhy ýadygärlikleri, tebigaty, Aşgabadyň binagärlik ýerleri şekillendirilen häzirki zaman suratkeşleriň eserleri, suratlar we wideo şekiller hem görkezildi, şeýle hem milli lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi.

Çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde ÝUNESKO-nyň edara binasynyň esasy mejlisler zalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi