icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

03 maý 2024

812

Özbegistanyň paýtagtynda «Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň umumy mirasy» atly halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 2-nji maýynda Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly Pyragy – türkmen we özbek halklarynyň umumy mirasy» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahat Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasy  tarapyndan Daşkent şäherindäki Türkmen medeniýetiniň respublikan merkezi we Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde guraldy. Çärä Özbegistanyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara we dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiniň ýolbaşçylary, tanymal magtymgulyşynas alymlar, şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň işiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Daşkent şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň we Alyşir Nowaýynyň barelýeflerine gül desselerini goýdular we Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda guralan sergini synladylar.

Halkara maslahatynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidow, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara we dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy R.Kurbanow, Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti B.Abduhalimow, şeýle-de Daşkent şäherindäki Türkmen medeniýetiniň respublikan merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler iki doganlyk ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmek babatynda soňky ýyllaryň dowamynda iki ýurduň alymlary tarapyndan bilelikde amala aşyrylan ylmy barlaglaryň netijelerine aýratyn üns berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar goşgulary köp sanly daşary ýurt dillerine terjime edilen Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň häzirki zaman şertlerinde parahatçylyk medeniýetini ilerletmekdäki orny dogrusynda durup geçdiler.

Halkara maslahatyň çäklerinde Ürgenç we Daşkent şäherlerinde türkmen we özbek artistleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki konsertler guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi