icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

04 maý 2024

857

Türkmen filmleri Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalynyň baýraklaryna eýe boldy

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýy aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan gurnalan «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi.

Kinofestiwalyň maksatnamasynyň çäklerinde 77 ýurtdan 1055 sany film görkezildi. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi festiwalda üç sany filmi hödürledi - H.Alowowyň  režissýorlygynda «Ol Rumystany görsem», I.Annamuhammedowyň režissýorlygynda «Umyt» we A.Eýeberdiýewiň režissýorlygynda «Meniň kakam».

Çäräniň dowamynda «Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly iki sany türkmen filmleri «Turan» atly halkara kinofestiwalynyň emin agzalary tarapyndan ýörite baýraklar hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.

Gündogaryň beýik şahyry we pelsepeçisi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi türkmen kinematograflary tarapyndan Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi.

«Ol Rumystany görsem» atly dokumental filmi halkara kinofestiwalynyň maksatnamasynyň çäklerinde görkezildi. Şeýle hem, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine kinofestiwalyň gurnaýjylary tarapyndan, türki halklarynyň medeniýetine goşan goşandy üçin hem ýörite baýrak gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi