icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

03 iýun 2024

559

Daşary ýurtlarda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen çäreler

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Bütindünýä welosiped güni mynasybetli daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda sport çäreleri geçirildi.

2024-nji ýylyň 31-nji maýynda London şäherinde Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe hem-de Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni we sport çärelerini geçirdi. Bu çärä Ilçihananyň işgärleri we Beýik Britaniýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Şol gün Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň howandarlygynda Buharest şäherinde hem meňzeş çäre geçirildi. Sport çäresi ýerli häkimligiň we «Ýaşyl rewolýusiýa» birleşiginiň goldawy bilen Patyşa Maýkl I seýilgähinde guraldy. Oňa Rumyniýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyplar gatnaşdylar.

Şeýle hem Pakistan Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Pakistanyň Daşary işler ministrligi we «Serena myhmanhanalary» kompaniýasy bilen bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesini we degişli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga goşant goşýan ekologiýa taýdan arassa ulag görnüşlerini wagyz etmek maksady bilen «Bütindünýä welosiped güni – 2024» atly dabarany gurady.

Saud Arabystany Patyşalygyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy ýurduň Welosiped federasiýasy bilen bilelikde Er-Riýad şäherinde welosiped ýörişini gurady. Bu çärä Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Saud Arabystany Patyşalygynyň Welosiped federasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Patyşalygyň milli welosiped toparynyň türgenleri, ýetginjekler we mümkinçilikleri çäkli çagalar gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 2-nji iýunynda Ermenistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasy Ýerewan şäher häkimligi bilen bilelikde welosiped ýörişini gurady. Welosiped ýörişi Ýerewanyň merkezi şaýollarynyň birinde geçirildi. Ýörişe Ermenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Daşary işler ministrliginiň işgärleri we maşgala agzalary, Ermenistanyň Welosiped federasiýasynyň agzalary, türgenler we paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy, Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Bütindünýä welosiped gününe hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Tbilisi-Mtskheta-Tbilisi» ugry boýunça welosiped ýörişini gurady. Bu ýol Tbilisiniň merkezi köçelerini, şeýle hem gadymy paýtagt Mtskhetany öz içine alýar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Russiýanyň, Germaniýanyň, Gazagystanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň paýtagtlarynda we Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň guramagynda Dubaý şäherinde welosiped ýörişleri geçirildi. Köpçülikleýin ýörişlere ýurduň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi