29 oktýabr 2024
3782
Malaýziýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan halkara medeni çäre guraldy.
Çärä Malaýziýanyň Bilim ministri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Malaýziýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, alymlar we medeni işgärler, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň medeni we edebi mirasyna bagyşlanan sergi guraldy.
Başga habarlar
03
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Jenaýatçylygyň öňüni almak we adyl kazyýetlilik boýunça BMG-niň 15-nji kongresine gatnaşdy
01
Oct
Astanada «C5+1» formatynda sanly innowasiýalar boýunça maslahat geçirildi
29
Sep
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ XVI MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
28
Sep
Türkiýede we Pakistanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
28
Sep
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň we sebit guramalarynyň ýokary derejeli çärelerine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek