2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Bangladeşiň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow bilen Bangladeşiň Päkistandaky Ilçisi Ikbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi Bangladeşiň Ilçisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddiniň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna resmi çakylyk hatyny berdi.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we Bangladeşiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.