icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

23 aprel 2025

1635

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýetiniň Nýu-Ýorka amala aşyran sapary barada

2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar wekiliýeti BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) Ýaşlar forumyna gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherinde saparda boldy.

Forumda çykyş edenler has durnukly, inklýuziw we adalatly geljegi döretmäge ýaşlaryň işjeň ýagdaýda gatnaşmagynyň häzirki wagtda ozalkysyndan iňňän zerurlygyny nygtadylar.

Saparyň dowamynda A.Ataýew birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary, hususan-da BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlar meseleleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer, UNFPA-nyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Diýen Keýta, BMG-niň ýanyndaky Býuronyň direktory we ÝUNESKO-nyň wekili Eliot Minçenberg bilen duşuşyklary geçirdi.

Söhbetdeşlikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine Türkmenistanyň goşandy barada pikir alyşdylar. Bilelikdäki bilim we innowasiýa maksatnamalary arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýarlyk beýan edildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, garyplygy ýok etmek we bilime elýeterliligi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan umumy mejlislerine, şeýle hem Katar Döwleti, Russiýa Federasiýasy we Özbegistan tarapyndan guralan ugurdaş mejlislere işjeň gatnaşdy.

Türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň ýaşlarynyň BMG-niň, ÝUNISEF-iň we ÝUNESKO-nyň maksatnamalary ýaly halkara başlangyçlaryna işjeň gatnaşýandygyny habar berdi. DÖM-iň ýaş ilçileri Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forum ýaly ählumumy forumlarda Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, ýurdumyzyň ählumumy gün tertibine ýetmekde goşandyny görkezýärler.

Çykyşda Türkmenistanyň ilatynyň ep-esli bölegini eýeleýän ýaşlaryň – demografiki bähbidiň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Wekiliýet Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýaşlaryň güýjini we bilimini strategiki maksatlara ýetmäge gönükdirýän işjeň gurallary durmuşa geçirýändigini nygtady.

Ýaşlar forumynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250-njy (2015) “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady we onuň dowamynda ýaşlaryň sebitdäki orny, ýaşlaryň parahat we inklýuziw jemgyýeti gurmaga gatnaşmagynyň mümkinçilikleri, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň guraly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny berkitmek barada pikir alyşmalar boldy.

Çärä gatnaşyjylara 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde Türkmenistan tarapyndan başy başlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogy barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi