icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

29 aprel 2025

1599

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Hakyda göwheri” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň dowamynda gadymy siwilizasiýalary we olaryň goňşulary bilen arabaglanyşygyny görkezýän kitabyň, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli däp-dessurlaryny, şeýle hem onuň ylym we medeniýetiň ösmegine goşan goşandyny açyp görkezýändigi bellenildi.

Şeýle hem kitabyň Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasyna düşünmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegine bagyşlanan we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi