icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

17 maý 2025

540

Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Stawropol ülkesiniň Blagodarnenskiý etrabynyň Edelbaý obasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) hem-de Edelbay obasynyň 14-nji umumybilim berýän orta mekdebiniň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Etrap häkimliginiň wekilleriniň, medeniýet we bilim işgärleriniň, şeýle hem türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmakdan başlandy.

Soňra çärä gatnaşyjylar dürli döredijilik çykyşlaryny öz içine alan maksatnamany hödürlediler: çeper okaýyşlar, aýdymlar, saz hem-de folklor-tans çykyşlary.

Iň oňat çykyşlary ýerine ýetirenler Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi