icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

20 maý 2025

631

Türkmen baýramçylyk nyşanlary Kuala Lumpur şäheriniň Garaşsyzlyk meýdançasynda

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli hem-de 2025-nji ýylyň Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşinde taryhy senedigi, ýagny Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy, şeýle-de şu ýylyň Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Kuala Lumpur şäheriniň merkezinde ýerleşýän Malaýziýanyň Garaşsyzlyk (Merdeka) meýdançasynyň iň uly ekranynda 19-20-nji maýda iki günlük aksiýa geçirilýär – Türkmen baýdagynyň reňkli suraty we 2025-nji ýylyň logotipi görkezilýär.

Bu çäre Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň Malaýziýa tarapyndan işjeň goldanylmagynyň hem-de doganlyk türkmen halkyna bildirilýän hormatyň çuňňurlygynyň we däp bolan türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nyşany bolup durýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi