icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

23 maý 2025

568

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilen 7-nji Halkara etnosport festiwalyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň maý aýynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde bütin dünýäde meşhur çärä öwrülen 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Bu wajyp halkara forum Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan gurnaldy.

Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar, olaryň däp-dessurlary, at üstündäki oýunlary we milli sport görnüşlerini giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bu meşhur çärede Türkmenistanyň wekiliýeti hökmünde türkmen medeniýetini we atçylyk sungatyny dünýä giňişligine şöhratlandyrýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary mynasyp çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar milli mirasymyzy ösdürmäge we dünýä ýaýmaga agramly goşandyny goşýar.

“Galkynyş” toparynyň agzalary at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde ýokary ussatlyk görkezip, türkmen milli geýimleri we sazly çykyşlary bilen tomaşaçylarda hem-de halkara myhmanlarda uly gyzyklanma we höwes döretdiler. Türkmenistandan ýörite getirilip görkezilen ahalteke atlary tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekdiler. Owadanlygy, çydamlylygy we özboluşly hereketleri bilen tanalýan bu meşhur atlar festiwalyň iň köp ünsüni çeken nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Bu halkara medeni çäre diňe bir Türkmenistanyň baý atçylyk mirasyny                 däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi