icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

05 iýun 2025

554

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahat geçirildi

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda «Ekologiýa abadançylygy-ösüşiň möhüm şerti» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, şeýle hem «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň jogapkär işgärleri we sergini görmäge gelen myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak işinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky meseleleriň ileri tutulýandygyny bellediler.

Bu babatda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji konferensiýasynda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Türkmenistanda pes uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek boýunça zerur bolan hukuk binýadyny ösdürmek işleri dowam etdirilýär. Ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin halkara guramalary we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Şeýle hem, şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde duşuşyklar geçirildi, olarda taraplar energiýa geçişinde hyzmatdaşlyk boýunça tagallalary goldadylar hem-de degişli resminamalara gol çekdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Çuo uniwersitetiniň arasynda parnik gazlaryna gözegçilik etmek boýunça emeli hemralary ulanmak bilen hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bu ugurda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleriniň 2025-nji ýylyň fewralynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen GOSAT emeli hemrasynyň kömegi bilen parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň mukdaryna baha bermek boýunça halkara maslahatynyň işine gatnaşandygyny bellemek gerek.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi