icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

02 iýul 2025

1593

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

2025-nji ýylyň 22-26-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidentiniň A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine sapary amala aşyryldy.

Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy.

Ylmy maslahatyň işine Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we ylym boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň çäklerinde Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkeziň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Mekke şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Haram al-Mekki el-Şerif» kitaphanasynyň we Mukaddes Kuran-kerem muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi