icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

24 iýul 2025

2544

Minskde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Belarus Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Belarus Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi Nazarguly Şagulyýew geçen döwürde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň diňe bir ýurduň milli özboluşlylygynyň we özygtyýarlylygynyň esasy bolman, eýsem sebitleýin dialogy ösdürmek, Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin täsirli gurala öwrülendigini belledi.

BMG-niň Belarus Respublikasyndaky Ýörite utgaşdyryjysy Rasul Bagirow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşandyna baha berip, bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesinde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmekde özboluşly ähmiýetine ünsi çekdi.

GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary N.Seýtimow öz çykyşynda GDA giňişliginde durnuklylygy we goşulyşmak proseslerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň möhümdigini nygtady.

Maslahatyň medeni maksatnamasynyň çäginde wideoşekiller görkezildi, türkmen dilinde aýdymlar ýerine ýetirildi we surat sergisi guraldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi