icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

29 iýul 2025

1793

Tokioda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigaty, medeni gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli suratlary çekmekde öz zehinlerini we başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň netijeleri boýunça gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirildi hem-de ýeňiji bolanlara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi