icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

22 awgust 2025

1423

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäherinde “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi

2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Astrahan şäheriniň “Ilýuzion” kinoteatrynda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi.

Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, “Hazar mediaforum – 2025” çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň wekiliýet agzalary, Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanly talyplar hem-de Astrahan oblastynyň çäginde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Kino görkezilmezinden öň Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy habarçysy A.Ataýew giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Türkmenistanyň medeni mirasynda uly ähmiýete eýe bolýandygyny we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny belläp geçdi.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi