icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

23 awgust 2025

1714

Saglygy goraýyş ulgamyndaky türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri A.Hudaýarow bilen duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri, hususan-da saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi we ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Ilçi Ş. Meredow «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde dürli lukmançylyk önümlerini öndürmek ugrunda ylmy işleri alyp barmaga we öndürmäge gönükdirilen iri lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň işi we kärhana tarapyndan öndürilýän halkara hil standartlaryna laýyk gelýän gündelik talap edilýän lukmançylyk önümleriniň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi