icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

29 awgust 2025

2062

EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli pawilýonynda Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 29-njy awgustynda Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli pawilýonynda “Türkmenistan – dost-doganlygyň, myhmansöýerligiň mekany” atly ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň işi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden ýaýmak, Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky döwlet we hususy düzümleriniň özara gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat boldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň syýahatçylyk ugrundaky döwlet syýasaty, onuň medeni hem-de taryhy mümkinçilikleri, häzirki wagtda amala aşyrylýan taslamalarynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekilleri çykyş etdiler. Şeýle hem, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň syýahatçylyk edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde giňden şöhlelendirmäge gönükdirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi