icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

05 sentýabr 2025

4013

Türkmen sazandalary Sinandali klassyky saz festiwalyna gatnaşýarlar

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.

Festiwal dünýäniň ähli künjeginden meşhur sazandalary hem-de klassyky sazyň gadyr-gymmatyna düşünýän adamlary jemlemek bilen, medeniýetara gepleşikler we döredijilik tejribesini alyşmak üçin wajyp meýdança öwrüldi.

9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.

Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan hem-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny bileleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestrynyň düzüminde çykyş edýärler.

Sinandali festiwaly ýaş ýerine ýetirijiler üçin diňe bir meşhur ussatlardan öwrenmäge däl-de, eýsem olaryň öz döredijilik tejribelerini baýlaşdyrmak we mümkinçiliklerini açyp görkezmek bilen ussatlygyny kämilleşdirmäge  mümkinçilik berýär.

Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.

Sinandali festiwaly 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi