icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

12 sentýabr 2025

3337

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi we Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň rektory Tea Jugeliniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi rektory täze wezipä bellenmegi bilen mähirli gutlady we onuň ýolbaşçylygynda ýokary okuw mekdebiniň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

D.Seýitmämmedow Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen uniwersitetiň arasyndaky däp bolan ysnyşykly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini belläp, bilim, ylym we medeni ugurlardaky bilelikdäki başlangyçlaryň baý tejribesini nygtap geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekmek meselesine, şeýle hem iki ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki toparlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkemegine itergi berjek uniwersitetleriň rektory derejesinde ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Öz gezeginde rektor bilelikdäki akademiki we medeni taslamalary ösdürmek hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek bilen bagly başlangyçlary işjeň goldamaga hemişe taýýardygyny beýan etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi