icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

19 sentýabr 2025

2430

Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada geçirilen «Dutaryň sesi» atly medeni çäre

2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrda Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanada milli türkmen saz gurallaryna, bagşyçylyk sungatyna we aýdym-saz medeniýetine bagyşlanan «Dutaryň sesi» ady bilen medeni çäre geçirildi.

Çärä Swýatoşinskiý etrabynyň medeniýet we bilim edaralarynyň, aýdym-saz mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, etrap häkimliginiň we kitaphana ulgamynyň wekilleri, şeýle hem türkmen ýaşlary gatnaşdy.

Sungat duşuşygynyň alyp baryjysy– Magtymguly adyndaky kitaphananyň müdiri – kitaphananyň döredilişiniň taryhy we onuň çägindäki adybir  muzeýiň medeni we terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň wekili çärä gatnaşyjylara özboluşly saz medeniýeti, türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň döreýşi we ösüşi, milli saz gurallary, bagşyçylyk sungaty we halypaçylyk medeniýeti barada gürrüň berdi. Bagşyçylyk sungatynyň dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ykrar edilmegi, dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine sebäp bolandygy ýetirildi.

Ilçihananyň wekili bu çäräniň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde we Halkara aýdym-saz gününiň öňüsyrasynda geçirilýändigini aýtdylar.

Türkmen diasporasynyň wekili S.Derekowyň dutar saz guralynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli sazlary bu medeni çäräniň üns merkezinde boldy.

Ukrain aýdym-saz mekdepleriniň okuwçylary we mugallymlary pianinoda ikilikde, gitarada üçlükde, ukrain milli guraly bolan bandura saz guralynda aýdym-saz çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

Medeni çärSungat duşuşygyna gatnaşyjylar türkmen halk döredijiliginiň, amaly-haşam sungatynyň eserleri we milli gurallary ýerleşdirilen adybir muzeýine aýlanyp gördüler. Şeýle hem, çärä gatnaşyjylar ýörite taýýarlanan wideoýazgylara we mowzuklaýyn surat sergisine tomaşa etdiler.

Çärä gatnaşyjylar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» bellenilýän Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen çäräniň dowamynda türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirdiler, aýdym-saz sungatyny öwrenmegiň we ösdürmegiň möhümdigini, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmegiň zerurdygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi