icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

24 sentýabr 2025

1279

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň adyndan Ilçi N.Golliýew wekilçilik etdi. Foruma sebit döwletleriniň parlamentleriniň baştutanlary hem gatnaşdy.

Forumyň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, migrasiýa proseslerini kadalaşdyrmak we sanlaşdyrmak bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk we konstruktiw gatnaşyklar syýasatyna ygrarlydygyny, parlament diplomatiýasynyň parahatçylygy, durnuklylygy we ynamy berkitmekde möhüm orny eýeleýändigini belläp geçdi.

Çykyşyň dowamynda BMG Baş Assambleýasynyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegine aýratyn üns berildi.

Forumyň soňunda Bişkek Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda parlamentara gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we sebitiň durnukly ösüşi üçin bilelikde çözgütleri gözlemek baradaky borçnamalary tassyklandy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň indiki, IV parlamentara forumynyň Täjigistan Respublikasynda geçiriljekdigi barada habar berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi