icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

30 sentýabr 2025

1741

Tähranda YHG-nyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli  «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat geçirildi.

Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurduň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputatlary, Eýranda akkreditlenen daşary ýurt Ilçileri hem-de hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň kömekçisi, Ýewraziýa departamentiniň başlygy, Eýranyň Yslam Şurasy Mejlisiniň deputaty, türkmen-eýran dostluk toparynyň ýolbaşçysy hem-de edebiýatçylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, onuň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagy, syýasy taýdan durnuklylygy barada bellenilip geçildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.

Şeýle hem şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti barada bellenilip geçildi.

Mundan başga-da, myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Ilki bilen, medeniýet toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdym-saz, medeni çykyşlary görkezildi.

Maksatnamanyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýetini, milli mirasyny we şekillendiriş sungatyny açyp görkezýän sergi geçirildi hem-de türkmeniň milli tagamlary hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi