icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

01 oktýabr 2025

2134

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Doha şäherindäki “Sheraton Grand Doha” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan kabul edişlik geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Katar tarapyndan agzalan çärä Katar Döwletiniň Zähmet ministri Ali bin Said bin Samih Al-Marri, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, daşary ýurtlaryň Katarda akkreditirlenen Ilçileri, diplomatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem türkmen raýatlary we talyplary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi M.Seýitmämmedow öz çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri we ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edilendigi barada aýdylyp, onuň Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň tassyknamasy bolup çykyş edýändigi bellenildi.

Çäräniň çäklerinde wideoýazgy görkezilip, türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de myhmanlara milli tagamlar hödürlendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi