icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

11 oktýabr 2025

1813

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Addis-Abeba şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Mekan Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Hanym Aziza Geleta Dessalegne Ilçiniň bu wezipä bellenmegi mynasybetli öz gutlaglaryny beýan etdi hem-de oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi M.Işangulyýew öz gezeginde, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi