icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»

15 dekabr 2025

35

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­rum­da­ky ÇY­KY­ŞY

(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2025-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ry)

Hor­mat­ly we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry we we­ki­li­ýet ag­za­la­ry!

Si­zi Türk­me­nis­tan­da tüýs ýü­rek­den mü­bä­rek­le­ýä­rin hem-de pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ňyz üçin çuň­ňur ho­şal­ly­gy­my be­ýan ed­ýä­rin. Bu fo­rum dün­ýä­niň köp san­ly döw­let­le­ri­niň, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­ny hem-de we­kil­le­ri­ni, sy­ýa­sat­çy­la­ry, dip­lo­mat­la­ry, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­di. Bu mö­hüm sy­ýa­sy çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň giň we­kil­çi­lik­li dü­zü­mi Türk­me­nis­tan­a go­ýul­ýan hor­ma­tyň hem-de yna­myň, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sy­ýa­sat­da­ky oňyn or­nu­nyň, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na goş­ýan go­şan­dy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Fo­rum­da ga­ral­jak me­se­le­ler dur­nuk­ly­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ni, dün­ýä döw­let­le­ri­niň ok­gun­ly hem-de dur­nuk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­me­gi, dur­muş, yn­san­per­wer hä­si­ýet­li bir­nä­çe çä­re­le­re ga­ra­ma­gy, hä­zir­ki wagt­da öňü­miz­de dur­ýan äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň beý­le­ki ugur­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!

2025-nji ýy­lyň do­wa­myn­da, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çäk­le­rin­de beý­le­ki ýurt­lar­da­ky hyz­mat­daş­lar, kö­pu­gur­ly bir­le­şik­ler hem-de eda­ra­lar bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­tan mak­sa­da ok­gun­ly oňyn da­şa­ry sy­ýa­sat iş­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­di. Bu iş­ler se­bit we hal­ka­ra for­mat­lar­da dür­li de­re­je­ler­de al­nyp ba­ryl­dy hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň oňyn ýag­daý­da ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi üçin şert­ler dö­ret­mek, dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da yna­my gaý­ta­dan di­kelt­mek, hor­mat goý­mak dia­lo­gy me­de­ni­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­mek ýa­ly umu­my mak­sat bi­len bir­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da bu ýö­rel­ge­ler­dir mak­sat­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Dün­ýä gur­lu­şy­nyň köp ugur­la­ry bo­ýun­ça dür­li çe­me­leş­me­le­riň eme­le ge­len şert­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy ka­nu­na­la­ýyk­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ka­bul eden Ka­rar­na­ma­sy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm wa­ka­sy bol­mak bi­len, BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­niň, tu­tuş dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, sy­ýa­sy we dip­lo­ma­tik to­par­la­ryň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne da­hyl­ly adam­la­ryň aňyn­da uly äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de orun al­dy. Köp san­ly ýurt­lar bu ugur­da iň wa­jyp me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­da, oňyn, öza­ra hor­ma­ta esas­lan­ýan söh­bet­deş­lik ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­di­ler.

El­bet­de, bi­ziň baş­lan­gy­jy­myz tö­tän­le­ýin däl­dir. Bu baş­lan­gyç Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, dur­nuk­ly ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň, dür­li çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ry di­ňe sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik ýol­lar hem-de usul­lar ar­ka­ly çöz­mek üçin oňyn şert­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji, Bi­ta­rap döw­let hök­mün­dä­ki köp­ýyl­lyk ta­gal­la­la­ry­nyň ka­nu­na­la­ýyk tap­gy­ry­na öw­rül­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly şeý­le müm­kin­çi­li­gi dö­red­ýär. Şo­ňa gö­rä, onuň äh­mi­ýe­ti, ha­ky­kat­dan-da, äh­lu­mu­my de­re­jä çyk­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä dür­li ýag­daý­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly çyl­şy­rym­ly döw­ri baş­dan ge­çir­ýär. Şun­da äh­li jo­gap­kär­li, sag­dyn, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji güýç­le­riň je­bis­leş­me­gi, ola­ryň ag­zy­bir­li­gi hem-de çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra, howp­suz­ly­gyň äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­nyň bo­zul­ma­gy­na howp sal­ýan we­him­le­re gar­şy dur­ma­ga taý­ýar­ly­gy ozal­ky­lar­dan has ze­rur­dyr.

Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da­ky dün­ýä me­se­le­le­ri­ne dur­mu­şa ukyp­ly, ha­ky­ky ýag­da­ýa gö­rä çe­me­le­şil­me­gi üçin ýe­ke-täk se­riş­de hök­mün­de dia­log esa­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, sy­ýa­sa­tyň we dip­lo­ma­ti­ýa­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­niň, ta­ry­hy tej­ri­bä­niň, top­la­nan yn­san­per­wer, me­de­ni mi­ra­syň äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has iş­jeň we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gyň ze­rur­dy­gyn­dan ugur al­ýar. Şun­da dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gur­lu­şy­na, çäk öl­çe­gi­ne, ilat sa­ny­na, beý­le­ki ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, äh­li döw­let­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni oňyn de­re­je­de ut­gaş­dyr­mak­la­ry sy­ýa­sy pä­him-paý­ha­sy, erk-is­le­gi hem-de öz ga­ra­ýyş­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy ta­lap ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da biz dün­ýä­niň gel­je­gi üçin jo­gap­kär­di­ris. Şeý­le je­bis­lik ba­ra­da aý­da­nym­da, oza­ly bi­len, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­ny göz öňün­de tut­ýa­ryn. Köp­ta­rap­la­ýyn ka­nu­ny­ly­ga hem-de yg­ty­ýar­ly­ly­ga eýe bo­lan ýe­ke-täk hal­ka­ra gu­ra­ma hök­mün­de BMG-niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak ze­rur­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak esa­syn­da hyz­mat­daş­lyk BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­da ber­ki­di­len, yk­rar edi­len sy­ýa­sy-hu­kuk esas­la­rynyň anyk we aý­dyň ýö­rel­ge­le­riň bol­ma­gyn­dan, deň­hu­kuk­ly­lyk, öza­ra hor­mat goý­mak, özyg­ty­ýar­ly­lyk, beý­le­ki döw­let­le­riň içer­ki iş­le­ri­ne go­şu­lyş­maz­lyk tag­lym­la­ryn­dan ugur al­ýar. Bu ýö­rel­ge­le­re eýer­mek pa­ra­hat­çy­ly­gy go­rap sak­la­ma­gy, he­re­ket­le­riň anyk­ly­gy­ny üp­jün eder, bi­rek-bi­rek bi­len söh­bet­deş­lik me­de­ni­ýe­ti­niň sü­tü­ni­ni tä­ze­den gur­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Hä­zir­ki wagt­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­ny iler­let­mek, ada­ty dip­lo­ma­ti­ýa­dan baş­ga-da, gep­le­şik­le­ri ge­çir­me­giň par­la­ment ýol­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy­ny, ze­nan­lar, ýaş­lar dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz mu­nuň üçin köp ta­gal­la ed­ýär. Di­ňe soň­ky ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan öz çä­gin­de bu ugur­da iri çä­re­le­ri, şol san­da we­kil­çi­lik­li hal­ka­ra hem-de se­bit de­re­je­li fo­rum­la­ry ge­çir­di. Şun­da sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne tä­sir et­me­giň goş­ma­ça gu­ral­la­ry­na eýe bo­lan halk dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň res­mi dip­lo­ma­ti­ýa üçin mö­hüm gol­daw bo­lup bil­jek­di­gin­den hem-de şeý­le bol­ma­ly­dy­gyn­dan ugur al­ýa­rys.

Hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan oňyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň al­nyp ba­ryl­ma­gyn­da mag­lu­mat dia­lo­gy­na wa­jyp orun de­giş­li­dir. Bu ug­ra bi­z pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak tag­ly­ma­ty­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal öňe sü­ren «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm dü­züm bö­le­gi hök­mün­de ga­ra­ýa­rys. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri di­ňe dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr. Mu­nuň üçin ki­ber­je­na­ýat­çy­ly­gyň hem-de met­bu­gat gi­ňiş­li­gin­de göz-gör­te­le ýa­lan mag­lu­mat­la­ryň ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň öňün­de berk bö­wet go­ýul­ma­ly­dyr.

Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ni hyz­mat­daş­ly­gy yzy­gi­der­li, üz­nük­siz, gel­je­gi ugur edin­ýän hal­ka­ra dia­log hök­mün­de ka­bul ed­ýä­ris. Ol iş­le­riň giň ge­ri­mi­ni öz içi­ne al­ma­ly­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­si­niň ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, aras­sa agyz su­wu­na, ho­wa, hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gy­na, il­kin­ji bi­li­me el­ýe­ter­li­lik, azyk howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ýa­ly wa­jyp dur­muş me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ril­me­gi­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­gi mö­hüm ha­sap­la­ýa­rys.

Gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler­dä­ki hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­lar­da­ky hyz­mat­daş­lar bi­len bi­le­lik­de pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­si­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da gel­je­gi uly tä­ze hyz­mat­daş­ly­gyň “Ýol kar­ta­sy­ny” iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip ed­ýä­ris. Bu baş­lan­gy­jyň ma­ny-maz­mu­ny­ny hem-de gu­ra­ma­çy­lyk ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga taý­ýar­dy­rys.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!

Şu gün, 12-nji de­kabr­da Türk­me­nis­tan ta­ry­hy se­nä­ni — döw­le­ti­mi­ziň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň hal­ka­ra bi­le­le­şik ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär. Şu dö­wür­de türk­men Bi­ta­rap­ly­gy dur­mu­şa ukyp­ly­dy­gy­ny, mil­li mak­sat­la­ra, stra­te­gik we­zi­pe­le­re hem-de dün­ýä gi­ňiş­li­gin­dä­ki me­ýil­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň se­bit gat­na­şyk­la­ry­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let­le­ri­niň hem-de onuň bi­len ser­het­deş ýurt­la­ryň we se­bit­le­riň — bi­ziň ozal­dan gel­ýän hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne ne­ti­je­li, dur­nuk­ly­laş­dy­ry­jy tä­si­ri şüb­he­siz­dir. Iş tej­ri­be­si türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň bin­ýat­la­ýyn esas­la­ry­nyň BMG-niň işi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, onuň giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry­nyň we stra­te­gi­ýa­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni su­but et­di.

Bi­ziň ýur­du­myz Bi­ta­rap­ly­gy­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni pa­ra­hat­çy­ly­gyň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ka­rar edil­me­gi­ne, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­dir­mä­ge he­mi­şe taý­ýar­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki mak­sat­la­ry­ny, şol san­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy, iş­jeň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji, ara­çyl­lyk iş­le­ri ýa­ly gu­ral­la­ry ulan­mak ar­ka­ly ola­ra ýe­til­me­gi­ni kes­git­le­ýär.

Türk­me­nis­tan bir­nä­çe baş­lan­gyç­la­ry, şol san­da BMG-niň ara­çyl­lyk pa­la­ta­sy­ny dö­ret­mek, bi­ta­rap hem-de bi­le­le­şik­le­re go­şul­ma­ýan döw­let­le­re bu gu­ra­ma­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ta­gal­la­la­ry­nyň çäk­le­rin­de “ile­ri tu­tul­ýan hyz­mat­daş” de­re­je­si­ni ber­mek ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri öňe sür­di. Şun­da biz BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň geog­ra­fi­ýa­sy­ny gi­ňelt­mek hem-de ola­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ze­rur­ly­gyn­dan ugur al­ýa­rys.

Türk­me­nis­tan üçin Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň di­ňe bir da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň nus­ga­sy­ däl­di­gi­ni nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Bi­ta­rap­lyk bi­ziň dün­ýä­ga­raý­şy­my­zyň, döw­let hem halk hök­mün­de öz or­nu­my­za, jo­gap­kär­çi­li­gi­mi­ze dü­şün­me­giň, hä­zir­ki za­man si­wi­li­za­si­ýa­sy­nyň ösü­şi­ne öz­bo­luş­ly go­şan­dy­my­zyň bin­ýa­dy­dyr. Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak öza­ra hor­mat goý­mak hem-de dü­şü­niş­mek dü­şün­je­le­ri ka­nun­çy­lyk de­re­je­sin­de ber­ki­di­lip, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň we içer­ki döw­let gur­lu­şy­nyň düýp maz­mu­ny­ny kes­git­le­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­myz üýt­gew­siz­dir, da­şar­ky şert­le­re we ýag­daý­la­ra, wagt­la­ýyn üýt­gäp dur­ýan şert­le­re dur­nuk­ly­dyr. Türk­me­nis­tan gün ter­ti­bi­niň äh­lu­mu­my, se­bit we iki­ta­rap­la­ýyn me­se­le­le­re äh­li çe­me­leş­me­le­ri­ni, baş­lan­gyç­la­ry­ny hem-de he­re­ket­le­ri­ni öz he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si bi­len berk bag­la­nyş­dyr­ýar.

Ga­dyr­ly dost­lar!

Şu gün­ki fo­rum dün­ýä ýurt­la­ry­na jo­gap­kär­çi­li­gi, öň­den­gö­rü­ji­li­gi, raý­daş­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň ta­gal­la­la­ry­ny je­bis­leş­dir­mä­ge anyk hem-de aý­dyň ça­gy­ryş­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ga­ra­ýyş­la­ry­nyň bin­ýat­la­ýyn sy­ýa­sy-fi­lo­so­fik tag­ly­mat hök­mün­de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gol­daw tap­jak­dy­gy­na, gel­je­giň hä­zir­ki za­man, berk, bi­te­wi äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny dö­ret­mek üçin ne­ti­je­li plat­for­ma bol­jak­dy­gy­na ynan­ýa­rys. Bi­ze bi­le­lik­de hal­ka­ra ýag­daý­la­ry sag­dyn­laş­dyr­mak, yna­nyş­ma­gy, sy­ýa­sy dia­log me­de­ni­ýe­ti­ni di­kelt­mek üçin öň­de uly we­zi­pe­ler ga­raş­ýar. Şu gün­ki fo­rum bu ugur­da mö­hüm ädim­dir.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!

Biz Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­myň işi­ni ta­mam­la­ýa­rys. Şu gün­ki mej­li­siň do­wa­myn­da örän mö­hüm tek­lip­ler we kon­sep­si­ýa­lar, gym­mat­ly baş­lan­gyç­lar­dyr pi­kir­ler be­ýan edil­di. Ola­ryň my­na­syp gol­da­wa, dü­şü­nil­mä­ge eýe bol­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir. Olar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik iş­de, döw­let­le­riň hyz­mat­daş­ly­gyn­da, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, bir­le­şik­le­riň iş­le­rin­de peý­da­la­ny­lar hem-de iş tej­ri­be­si­ne or­naş­dy­ry­lar.

Bu fo­ru­myň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň açyk­ly­gy­dyr hem-de mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni bi­le­lik­de göz­le­mä­ge taý­ýar­ly­gy­dyr, ola­ryň dür­li pi­kir­le­ri ka­bul et­mä­ge ukyp­ly­ly­gy­dyr, ta­rap­la­ryň de­lil­le­ri­ne we su­but­na­ma­la­ry­na hor­mat goý­ma­gy ba­şar­ýan­dyk­la­ry­dyr. Me­ge­rem, bu ugur­da­ky ýe­ke-täk ýol hök­mün­de dia­lo­gyň gel­je­gi uly, oý­la­ny­şyk­ly gu­ral hök­mün­dä­ki gym­mat­ly­gy şun­dan yba­rat­dyr. Onuň esa­syn­da, ha­ky­kat­dan-da, uly ne­ti­je­le­ri ga­za­nyp, ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak hem-de de­ňag­ram­ly­ly­ga ýet­mek üçin şert­le­ri dö­ret­mek, ha­ky­ky ýag­daý­la­ra la­ýyk gel­ýän, müm­kin­çi­lik­le­ri uly çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, iň çyl­şy­rym­ly ne­ti­je­ler bo­ýun­ça yla­la­şy­ga ýet­mek hem-de oňyn gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak müm­kin­dir. Bu ba­bat­da fo­rum uzak gel­je­ge gö­nük­di­ri­len dog­ry, dur­mu­şa ukyp­ly geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ugur­la­ry kes­git­le­di.

Fo­rum­da­ky çy­kyş­la­ryň ma­ny-maz­mu­ny hem-de ugur­la­ry gel­je­ge gö­nük­di­ri­len­dir, stra­te­gik me­ýil­leş­dir­me­giň giň ugur­la­ry­ny açan­dyr hem-de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, dur­muş-yn­san­per­wer ul­ga­myn­da, dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça bir­nä­çe me­se­le­ler­de dün­ýä me­ýil­le­ri­ne ul­gam­la­ýyn sel­jer­me ber­me­giň my­sa­ly­ny gör­ke­zen­dir. We­ki­li­ýet­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň we ag­za­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry, giň ugur­lar bo­ýun­ça ge­çi­ri­len pi­kir alyş­ma­lar bi­ziň äh­li­mi­ziň esa­sy, ha­ky­ky hem-de do­la­nuw­syz umu­my dü­şün­jä­niň — dün­ýä­niň äh­li halk­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän howp­suz­ly­gyň we ösü­şiň bi­te­wi, bö­lün­me­ýän ul­ga­my­ny dö­ret­me­giň ze­rur­ly­gy bi­len bir­le­şen­di­gi­mi­zi tu­tuş aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. Şeý­le ul­ga­my gur­mak erk-is­le­giň bol­ma­gy, öza­ra yna­nyş­mak, dün­ýä­niň yk­ba­ly üçin ýo­ka­ry jo­gap­kär­çi­lik ýa­ly düýp­li şert­ler bo­lan ýag­da­ýyn­da müm­kin­dir. Bu dü­şün­je­le­ri iler­let­mek, ola­ry dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň kes­git­leý­ji şer­ti­ne öwür­mek mak­sa­dy bi­len, 2025-nji ýyl “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” diý­lip yg­lan edil­di.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly dost­lar!

Fo­ru­my jem­le­ýä­ris. Bu çä­re fo­ru­myň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak di­ýen adyn­da be­ýan edil­ýän gym­mat­lyk­la­ryň ta­rap­dar­la­ry­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny, onuň sal­gym däl-de, anyk dü­şün­je­le­re öw­rül­ýän­di­gi­ni, dün­ýä ösü­şi­niň ha­ky­ky şer­ti, ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň we hyz­mat­daş­ly­gyň ah­lak sü­tü­ni hem-de he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. El­bet­de, bu ýö­rel­ge­le­ri ber­ka­rar et­mek, adam aňyn­da we sy­ýa­sy tej­ri­be­de ber­kit­mek üçin he­niz öň­de uly we­zi­pe­ler ga­raş­ýar. Em­ma bi­ziň dog­ry ýol bi­len bar­ýan­dy­gy­myz şüb­he­siz­dir. Şol se­bäp­li men Aş­ga­bat fo­ru­my­nyň, onuň eme­le ge­ti­ren dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň gel­jek­ki bi­le­lik­dä­ki iş­le­re ýar­dam et­jek­di­gi­ne, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we adam­za­dyň ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne anyk ne­ti­je­le­ri ber­jek­di­gi­ne ynan­ýa­ryn.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we türk­men hal­ky­nyň adyn­dan äh­li we­ki­li­ýet­le­re fo­ru­ma gat­na­şan­dyk­la­ry, ma­ny­ly çy­kyş­la­ry hem-de baş­lan­gyç­la­ry üçin tüýs ýü­rek­den min­net­dar­ly­gy be­ýan ed­ýä­rin. Si­zi Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de ýe­tip gel­ýän tä­ze — 2026-njy ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Hem­mä­ňi­ze berk jan sag­lyk, tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi