icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»

15 dekabr 2025

37

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowyň Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­rum­da­ky ÇY­KY­ŞY

(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2025-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ry)

Hor­mat­ly döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry!
Hor­mat­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry!
Hor­mat­ly we­ki­li­ýet­le­riň Baş­tu­tan­la­ry we ag­za­la­ry!
Ha­nym­lar we je­nap­lar!

Si­zi Türk­me­nis­tan­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ne gat­naş­ýan­dy­gy­ňyz üçin ýur­du­my­zyň hal­ky­nyň adyn­dan mä­hir­li gut­la­ýa­ryn. Bu fo­ru­ma döw­let we hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry, iri we ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, gör­nük­li sy­ýa­sat­çy­lar, par­la­ment ag­za­la­ry, dip­lo­mat­lar, alym­lar, jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri gat­naş­ýar­lar. Myh­man­la­ry­my­zy türk­men top­ra­gyn­da gör­mek bi­ziň üçin uly hor­mat we ab­raý­dyr. Türk­me­nis­ta­na hoş gel­di­ňiz!

Ga­dyr­ly dost­lar!

Bu fo­ru­ma iri, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka hök­mün­de ga­ral­ýar. Oňa se­bit, yk­lym we äh­lu­mu­my iş­ler ba­ra­da oý­lan­mak, hal­ka­ra sy­ýa­sat­da pa­ra­hat­çy­lyk, hyz­mat­daş­lyk, deň­hu­kuk­ly­lyk, yna­nyş­mak, ada­lat­ly­lyk, dia­log me­de­ni­ýe­ti hem-de öza­ra dü­şü­niş­mek ýag­daý­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi üçin ba­dal­ga no­ka­dy hök­mün­de se­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan bi­ziň top­ra­gy­myz­da şu gün dün­ýä gur­lu­şy­nyň tä­ze, yn­san­per­wer we öň­den­gö­rü­ji­lik­li esas­la­ry­nyň, ösü­şiň ha­ky­ky we jo­gap­kär­li stra­te­gi­ýa­sy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­ne ka­nu­ny esas­da gu­wa­nyp bi­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bü­tin dün­ýä­dä­ki hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ga­za­ny­lan de­re­je­si­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­mi­zi we ony aýaw­ly sak­la­ýan­dy­gy­my­zy aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şu şan­ly gün­ler­de bi­ziň dost­lu­gy­my­zyň, öza­ra dü­şü­niş­me­gi­mi­ziň, dö­re­di­ji­lik­li mak­sat­la­ra ýet­mä­ge hy­ju­wy­my­zyň mun­dan beý­läk-de tas­syk­lan­ma­sy­ny tap­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan hal­ka­ra fo­ru­my açyk di­ýip yg­lan ed­ýä­rin.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!

Hä­zir­ki hal­ka­ra fo­ru­my ge­çir­mek dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da ka­da­la­ry, gym­mat­lyk­la­ry we öl­çeg­le­ri yk­rar et­mek hem-de ber­kit­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň köp­ýyl­lyk yzy­gi­der­li işi­niň ne­ti­je­si­dir. Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, olar hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň äh­li hä­zir­ki za­man ul­ga­my­nyň hu­kuk we dün­ýä­ga­ra­ýyş ba­bat­da esa­sy­ny düz­me­li­dir. Pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy şeý­le esas hök­mün­de jar edip, bi­ziň ýur­du­myz en­çe­me mö­hüm ädim­le­ri ät­di, baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di. Olar dün­ýä­de dü­şün­mek bi­len ka­bul edil­di, hyz­mat­daş­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 2025-nji ýy­ly “Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly” di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Ka­rar­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi bi­le­lik­dä­ki işiň ne­ti­je­si bol­dy. Mu­nuň özi bi­ziň umu­my üs­tün­li­gi­miz­dir. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň äh­li ag­za döw­let­le­ri­niň sy­ýa­sy ýol­baş­çy­la­ry­nyň öň­den­gö­rü­ji­li­gi­niň, jo­gap­kär­çi­li­gi­niň, pä­him-paý­ha­sy­nyň ne­ti­je­si­dir. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, men bu mö­hüm çöz­gü­di gol­dan­dyk­la­ry hem-de ony ka­bul et­mä­ge go­şan go­şant­la­ry üçin ola­ra, şeý­le hem hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­na we we­kil­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den min­net­dar­ly­gy­my bil­dir­ýä­rin.

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň kon­sep­tual ka­da­la­ry­nyň Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ka­nun­çy­ly­gyn­da öz be­ýa­ny­ny ta­pan­dy­gy­ny aýt­ma­ly­dy­rys. Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak sy­ýa­sa­ty­nyň hu­kuk esas­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­sion ka­nu­ny ka­bul edil­di. Bu Ka­nun­da Bi­ta­rap­lyk, deň­hu­kuk­ly­ly­ga, öza­ra hor­mat­la­ma­ga, hyz­mat­daş­ly­ga, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, güýç ulan­maz­ly­ga, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga, is­len­dik hal­ka­ra me­se­le­le­ri di­ňe pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler we usul­lar ar­ka­ly çöz­mä­ge, beý­le­ki ýurt­la­ryň içer­ki iş­le­ri­ne ga­tyş­maz­ly­ga, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ile­ri tut­ma­ga, adam hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny hor­mat­la­ma­ga, en­çe­me beý­le­ki örän mö­hüm borç­na­ma­la­ra üýt­gew­siz eýer­mek esa­sy ka­da­lar hök­mün­de ber­ki­dil­ýär. Kons­ti­tu­sion ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň sub­ýek­ti hök­mün­de Türk­me­nis­ta­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de tap­gyr­la­ýyn wa­ka öw­rül­di. Bi­ziň pug­ta pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy ga­zan­ma­ga hem-de go­rap sak­la­ma­ga esas­la­nan stra­te­gik ug­ru­my­zyň dog­ru­dy­gy­nyň we üýt­gew­siz­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy.

Hut ýö­ne­keý bol­ma­dyk geo­sy­ýa­sy ýag­daý­la­ryň hä­zir­ki döw­rün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Bu dü­şün­je­le­re ba­ra­bar ba­ha ber­mek, ola­ry dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň je­del­siz ka­da­la­ry hök­mün­de ber­kit­mek hä­zir­ki za­ma­nyň gur­lu­şy ba­ra­da oý­lan­mak­da ne­ti­je­li öňe­gi­diş­lik­dir. Howp­ly gap­ma-gar­şy­lyk ýag­da­ýyn­dan howp­suz­ly­gyň hem-de ösü­şiň äh­lu­mu­my gur­lu­şy­nyň ne­ti­je­li, ha­ky­ky, saz­la­şyk­ly esas­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga ta­rap ädim­dir. Türk­me­nis­tan bu ne­ti­jä­ni di­ňe bi­le­lik­de, umu­my sy­ýa­sy, dün­ýä­ga­ra­ýyş, yn­san­per­wer esas­da BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­na we hal­ka­ra hu­ku­gyň yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na da­ýa­nyp, döw­let­le­riň, hal­ka­ra ins­ti­tut­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek ar­ka­ly ga­za­nyp bo­lar di­ýen ga­ra­ýyş­dan ugur al­ýar.

Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly örän mö­hüm ta­ry­hy ýu­bi­le­ýe — ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň çöz­güt­le­rin­de, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da ber­ki­di­len sy­ýa­sy-hu­kuk ýag­da­ýy bo­lan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk bi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki äh­li ädim­le­ri­mi­zi, Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ni hem-de ägirt uly ne­ti­je­le­ri­ni kes­git­le­ýär. Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we açyk­lyk ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan on­lar­ça döw­let bi­len iki­ta­rap­la­ýyn, köp­ta­rap­la­ýyn dü­züm­le­riň çäk­le­rin­de esa­sy hal­ka­ra ins­ti­tut­lar bi­len yna­nyş­ma­gyň hem-de öza­ra dü­şü­niş­me­giň, hyz­mat­daş­ly­gyň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­si­ne ýet­di.

Bi­ta­rap­lyk we onuň ne­ti­je­si bo­lan «Açyk ga­py­lar» da­şa­ry yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­ty içer­ki ösüş üçin amat­ly da­şar­ky şert­le­ri üp­jün edip, Türk­me­nis­ta­na yk­dy­sa­dy, dur­muş ösü­şi­niň ýo­ka­ry dep­gin­le­ri­ni ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ila­tyň dur­mu­şy­nyň de­re­je­si­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dep­gin­li söw­da, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny alyp bar­ma­ga, iri hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin özü­ne çe­ki­ji, yg­ty­bar­ly we gel­je­gi uly hyz­mat­daş bol­ma­ga şert dö­red­ýär.

Bi­ta­rap­lyk Türk­me­nis­ta­nyň, şu ýyl 80 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bel­le­nil­ýän Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len stra­te­gik dia­lo­gy­nyň esa­sy şer­ti hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Mö­hüm äh­lu­mu­my se­bit me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ga­zan­mak­da, has giň ugur­lar bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga ada­lat­ly we saz­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri taý­ýar­la­mak­da BMG-niň bi­ziň ýur­du­my­za jo­gap­kär­li hem-de ne­ti­je­li hyz­mat­daş hök­mün­de ga­ra­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Biz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny gi­ňel­de­ris, mil­li, se­bit hem-de äh­lu­mu­my mak­sat­na­ma­la­ry dö­ret­mä­ge we ama­la aşyr­ma­ga ün­si jem­le­me­gi, ola­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri çek­me­gi ga­za­na­rys. Türk­men döw­le­ti­niň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň hal­ka­ra we se­bit dur­nuk­ly­ly­gy­ny, howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ne­ti­je­li, dö­re­di­ji­lik­li tä­si­ri aý­dyň gö­rün­ýär. Mu­nuň özi Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň art­ýan gol­da­wyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 1995-nji, 2015-nji we 2025-nji ýyl­lar­da Baş As­samb­le­ýa­nyň «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň ýü­ze çyk­ma­sy bol­dy. Bi­ziň ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal BMG-niň çä­gin­de Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem mu­nuň bir my­sa­ly­dyr. Bu my­sal­lar Bi­ta­rap­ly­gyň, onuň bin­ýat­lyk ka­da­la­ry­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň tej­ri­be­sin­de bar­ha äh­mi­ýet­li we mö­hüm ýag­da­ýa öw­rül­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Şeý­le bo­lan­soň, biz Bi­ta­rap­ly­gyň üýt­gew­siz gur­luş däl-de, dö­wür bi­len aýak­daş gid­ýän hem-de tä­ze üýt­geş­me­ler­dir me­ýil­le­re ses­len­ýän jan­ly dö­re­di­ji­lik ýag­da­ýy­dy­gy­ny he­mi­şe bel­le­ýä­ris. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan hä­zir­ki za­ma­nyň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny öňe sür­ýär. Hä­zir­ki şert­ler­de onuň aý­ra­tyn ze­rur­lyk­dy­gy­na, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga, ag­za­la­lyk­la­ry we çap­raz­lyk­la­ry öz wag­tyn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly gep­le­şik­le­re ug­ruk­dyr­ma­ga ýar­dam ber­mä­ge ukyp­ly­dy­gy­na ynan­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, biz Bi­ta­rap­ly­gy sy­ýa­sy we iş ýü­zün­dä­ki plat­for­ma hök­mün­de peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýä­ris. Şo­nuň esa­syn­da hä­zir­ki dö­wür­de yla­la­şy­gy, dü­şü­niş­me­gi, ýa­ra­şy­gy ga­zan­ma­gyň ýol­la­ry­ny we usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak müm­kin­dir. Bu ba­bat­da Bi­ta­rap­lyk bäh­bit­le­riň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň we saz­la­şy­gy­nyň, hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk dia­lo­gy­nyň, prag­ma­tik, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň nus­ga­sy­na, ahyr­ky ne­ti­je­de, äh­lu­mu­my geo­sy­ýa­sy de­ňag­ram­ly­ly­gy ga­zan­ma­gyň şert­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­lip bi­ler di­ýip ha­sap ed­ýä­rin. Öza­ra bäh­bit­li, dost­luk­ly hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry öz Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ös­dür­ýän Türk­me­nis­ta­nyň tej­ri­be­si Bi­ta­rap­ly­gyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny we ony Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­jek­le­rin­de ula­nyp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär di­ýip pi­kir ed­ýä­rin.

Pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­ret­mek ul­ga­myn­da öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­le­ri­ni we usul­la­ry­ny giň­den peý­da­lan­ýan Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň baý tej­ri­be­si­ne esas­la­nyp, şeý­le hem Bi­ta­rap­ly­gyň tej­ri­be hä­si­ýe­ti­ni ös­dür­mek, yl­my-bar­lag, bi­lim işi­ni ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da Pa­ra­hat­çy­lyk we bi­ta­rap­lyk uni­wer­si­te­ti­ni dö­ret­me­gi tek­lip ed­ýär. Bu baş­lan­gy­jyň gol­daw tap­jak­dy­gy­na umyt ed­ýä­ris hem-de dost­la­ry­myz we hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len şu me­se­lä jik­me-jik se­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan ed­ýä­ris.

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy ba­ra­da aýt­mak bi­len, onuň ýe­ne-de bir aý­ra­tyn­ly­gy hakynda aý­ra­tyn du­rup geç­mek is­le­ýä­rin. Bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň ha­ky­ky özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň we Ga­raş­syz­ly­gy­nyň ka­nu­na­la­ýyk ne­ti­je­si­dir. Öz­baş­dak, oý­la­ny­şyk­ly, yzy­gi­der­li Bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty alyp ba­ryp, biz, oza­ly bi­len, öz döw­let­li­li­gi­mi­ziň berk esas­la­ry­na, ta­ry­hy do­wa­mat­ly­ly­gy­my­za, türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­li­gi­ne we gol­da­wy­na, äh­li halk­lar­dyr döw­let­ler bi­len pa­ra­hat­çy­lyk­da, yla­la­şyk­ly­lyk­da, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk­da ýa­şa­ma­gy wes­ýet eden ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýa­rys.

“Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy” we “Bi­ta­rap­ly­gy” di­ýen dü­şün­je­ler bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr, bir bi­te­wü­dir. El­bet­de, biz mak­sat­la­ry­my­zy we we­zi­pe­le­ri­mi­zi hal­ka­ra bi­le­le­şi­giň, bü­tin dün­ýä­dä­ki köp san­ly dost­la­ry­my­zyň hem-de pi­kir­deş­le­ri­mi­ziň giň­den gol­da­ýan­dy­gy­ny, ola­ra dü­şün­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­ýä­ris we mu­ňa ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Bu gol­daw Türk­me­nis­ta­na gel­je­gi­ne umyt­ly ga­ra­ma­ga, gel­jek­ki bi­le­lik­dä­ki işi­niň me­ýil­na­ma­sy­ny ynam­ly düz­mä­ge kö­mek ed­ýär. Bi­zi halk­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­ly­gy, yna­nyş­ma­gy hem-de yla­la­şy­gy ga­zan­ma­ga, ola­ryň ösü­şi­ne, aba­dan­çy­ly­gy­na yzy­gi­der­li, iş­jeň, ne­ti­je­li gat­naş­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar.

Ga­dyr­ly dost­lar, fo­ru­ma gat­naş­ýan­dy­gy­ňyz, Türk­me­nis­tan bi­len dost­lu­gy, hyz­mat­daş­ly­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­ga goş­ýan go­şan­dy­ňyz üçin tüýs ýü­rek­den çyk­ýan min­net­dar­ly­gy­my ýe­ne-de bir ge­zek ka­bul ediň!

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi