icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

04 mart 2026

138

Türkmenistanyň Ilçisi Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Ilçisi A.Annaýewiň Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň wise-rektory Teodor Ioan Treske bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim we ylym ulgamyndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyň oňyn hem-de dostlukly häsiýeti bellenildi. Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň çäklerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Buharestiň Agronomik ylymlar we weterinar medisinasy uniwersitetiniň arasynda öň ýola goýlan özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek, şol sanda bilelikdäki akademiki we hünärmenler çärelerini guramak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilip, muňa laýyklykda mowzuklaýyn çäreleri, şol sanda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gatnaşmagynda geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi