icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

23 noýabr 2015

2795

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Sammitinde eden çykyşy (Tähran, 2015-nji ýylyň 23-nji noýabry)

Hormatly jenap Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti!
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Hasan Ruhanä myhmansöýerlik we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Dünýä energetika giňişligindäki, şol sanda gaz pudagyndaky häzirki ýagdaý biziň öňümizde uly we çylşyrymly wezipeleriň birnäçesini goýýar. Energetika howpsuzlygyny üpjün etmek zerurlygy esasy meseleleriň biri bolmak bilen,  bütindünýä ykdysadyýetiniň yzygiderli we sazlaşykly ösmegi üçin möhüm şert bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, tebigy gazy öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň bähbitlerini nazara  almaga we deň derejede üpjün etmäge niýetlenen täsirli çäreleriň zerurdygy  barha aýdyň duýulýar. Şoňa görä-de, bu ugurda hyzmatdaşlyk edýän döwletleriň arasynda özara  gatnaşyklaryň aç-açan, kemsitmelere ýol bermeýän, aýdyň kadalaryny işläp  taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan öz energetika syýasatynda şeýle garaýşa esaslanýar. Bu bolsa, biziň öňe sürýän tekliplerimiziň we iş ýüzünde amala aşyrýan çärelerimiziň mazmunyny we ugruny kesgitleýär.

Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarly we goragly bolmagyny üpjün etmek boýunça kepillikler barada Türkmenistanyň öňe süren başlangyçlary dünýäde barha köp goldaw tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen,  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş  Assambleýasy tarapyndan energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky 2008-nji we 2013-nji ýyllardaky Rezolýusiýalaryň biragyzdan kabul edilmegi hem bu aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Bu Rezolýusiýalaryň awtordaşlary hökmünde 70-den gowrak döwlet çykyş etdi. Men pursatdan peýdalanyp, bu goldaw üçin hemmelere minnetdarlyk bildirýärin.

Häzirki döwürde bütindünýä energetika giňişliginde işleri umumy kadalara eýerip alyp barmak barada Birleşen Milletler Guramasynyň täze halkara - hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu resminamany taýýarlamak boýunça halkara bilermenler topary döredildi. Bu topary kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu Toparyň birinji mejlisi geçen ýylyň  ahyrynda Aşgabatda geçirildi.

Halkara energetika ulgamyna täze sebitleriň we bazarlaryň çekilmegi dünýäde senagat önümçiligine, söwdanyň ösmegine, maýa goýumlarynyň artmagyna goşmaça kuwwatly itergi berer. Şonuň ýaly-da, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Bu bolsa,  sebitleriň we döwletleriň syýasy ýagdaýynyň durnuklaşmagyna uly goldaw berer.

«Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Biz bu taslama birek-birege  hormat goýup, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň mysaly hökmünde garaýarys. Bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň uzak möhlete niýetlenen bähbitler we ösüş gazanmak boýunça maksatlary umumydyr. Biz bu döwletleriň taslamany durmuşa geçirmäge jogapkärli we hakyky ýagdaýlardan ugur alyp çemeleşýändiklerine ýokary baha berýäris.

Biziň Aziýadaky we Ýewropadaky hyzmatdaşlarymyz, örän iri maliýe edaralary, ilkinji nobatda bolsa, Aziýanyň Ösüş banky bu taslamany durmuşa geçirmäge uly goldaw berýär. Bu bolsa, «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhüm ähmiýetiniň bardygyna düşünmek bilen garalýandygyny aýdyň subut edýär. Häzirki döwürde bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlandy. Türkmenistan ýakyn günlerde bu gaz geçirijiniň öz çäklerinden geçýän böleginiň gurluşygyna başlar. «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň ylalaşylan  möhletlerde, ýagny 2018-nji ýylda doly tamamlanjakdygyna men berk ynanýaryn!

Mümkinçilikden peýdalanyp, Owganystanyň, Päkistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryna, taslama boýunça taýýarlyk işlerine gatnaşan hyzmatdaşlarymyzyň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugry boýunça ibermek babatda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda hem gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gepleşikler alnyp barylýar.

Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň durmuşa geçiren, gatnaşýan we amala aşyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijileriniň taslamalarynyň ählisiniň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin bähbitlidigini bellemek isleýärin. Bu taslamalar çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlaryň ykdysady we täjirçilik bähbitlerinden ugur alnyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, gaz pudagynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ykdysady ölçeglere eýermek zerur diýip hasap edýäris. Ilkinji nobatda, tebigy gaz üçin we onuň üstaşyr geçirilmegi üçin esaslandyrylan nyrhlardan ugur almak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan dünýäde tebigy gazy öndüriji iri ýurtlaryň biri bolmak bilen, bu energiýa serişdesini ibermek boýunça halkara taslamalaryna gatnaşýar. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň  ekologiýa meselelerine ýokary derejede jogapkärli çemeleşýär. Turbageçirijiler gurlanda ekologiýa talaplaryny berjaý etmek, tebigy gurşawy gorap saklamaga aýawly we uzak döwri göz öňünde tutup çemeleşmek häzirki döwürde energetika pudagynyň öňünde durýan möhüm  wezipeleriň biridir.

Uglewodorod serişdelerini çykarmak ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygyny ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmek bilen utgaşdyrmak biziň umumy wezipämizdir.

Energiýa serişdeleri çykarylanda we iberilende ekologiýa töwekgelçiliginiň örän az derejede bolmagyny gazanmak, önümçilik toplumlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, häzirki zaman dolandyryş usullaryny ulanmak möhüm ähmiýete eýedir. Şu maksatlardan ugur alyp,  Türkmenistanyň maslahata gatnaşýan ýurtlar, energiýa serişdelerini sarp edýän we üstaşyr geçirýän döwletler, halkara guramalary bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de  giňeltmäge we ösdürmäge taýýardygyny bellemek isleýärin.

Biz bu meselede anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de  ösdüriljekdigine ynam bildirýäris.

Türkmenistan energiýa serişdelerini jogapkärli we ygtybarly öndüriji hem-de iberiji ýurtlaryň biridir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz ählumumy energetika  strategiýasynyň ähli meseleleri boýunça aç-açanlyga eýerýän, sazlaşykly usullary işläp taýýarlamak üçin dürli döwletler we halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Biziň  ýurdumyz 2017-nji ýylda Energetika hartiýasyna başlyklyk etjek döwründe özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu ugruna aýratyn üns berer. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi