icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

22 iýun 2023

3362

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisiniň Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň Parlament işleri boýunça orunbasary bilen duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.

Iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýuumi Ýoşikawanyň Türkmenistana saparyny guramaga türkmen tarapynyň taýýardygyny mälim etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi